Biz Barada

“Mekan” hususy kärhanasy 1998-nji ýyldan bäri birnäçe görnüşli konditer önümlerini öndürip halk köpçüligine hödürläp gelýär. Biziň önümlerimiz içerki bazarlarymyza amatly we elýeterli bahalardan doly üpjün edilýär. Häzirki günde “Mekan” hususy kärhanasynda konditer önümlerini öndürmekde birnäçe ökde we öňdebaryjy hünärmenler täze-täze görnüşleri öndürmek üçin uly zähmet çekýärler. Kärhanamyz ýokary derejeli enjamlar bilen üpjün edilip dürli görnüşli konditer önümlerini öndürmeklige niýetlenendir. Biziň önümlerimiz bazar talaplaryna doly gabat gelip ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Halk köpçüliginiň biziň önümlerimize ynam bildirmegi, biziň üçin iň gymmatly sylagymyzdyr. Çagalykdan gowy görýän tagamlarymyz bizi oýlap tapan aladasyz arzuwlar dünýämize getirýär, haçanda ol biz üçin hakyky dünýäden has gowy bolup görünen wagty... “Mekan” konditer önümleri sizi we ýakynlaryňyzy süýjiler we beýleki konditer önümleri bilen begendirer. Çünki “Mekan Süýji”- bu lezzetiň güýji!

Biziň taryhymyz

09 / 1998

Esaslandyrylan

"Mekan"hususy kärhanamyz 1998-nji ýyldan bäri süýji, şokolad, süýji kibirdeýän taýajyklar, wafli önümlerini öndürmeklik bilen meşgul bolup gelýär.

05 / 2000

Önümçilik

Kärhanamyzda 30 görnüşden gowyrak konditer önümleri bar. Konditer önümleri öndürmeklige Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasy tarapyndan köp ýyllaryň dowamynda yhtyýarlandyrlan ýagny 2000-njy ýyldan bäri Ygtyýarnama № 6-6-12-844 04.01.2019-njy ýylda berlen esasynda işläp gelýär. 17.02.2009-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýar.

10 / 2004

Sergi

Sergi 2004-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 20-22-inde Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 13 ýyllyk toýuna bagyşlanan sergisine gatnaşdy we sylagly Diplomlara eýe boldy.

10 / 2010

Sergi

Sergi 2010-njy ýylyň 17-19-njy Oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllyk toýuna bagyşlanan sergisine, 2011-nji ýylyň 17-18-nji Martynda geçirilen Türkmenistanyň Senagatçylaryň we Telekeçileriň birleşmesiniň döredilmeginiň ýyllygy mynasybetli senagatçylaryň we telekeçileriň sergisine gatnaşdy we sylagly Diplomlara eýe boldy.

10 / 2011

Sergi

Sergi 2011-nji ýylyň 10-12-nji Oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk toýuna bagyşlanan sergisine gatnaşdy we sylagly Diplomlara eýe boldy.

03 / 2012

Sergi

Sergi 2012-nji ýylyň 17-18-nji Martynda geçirilen Türkmenistanyň senagatçylaryň we telekeçileriň sergisine , 2014-nji ýylyň 17-18-nji Martynda geçirilen Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriň birleşmesiniň döredilmeginiň 6 ýyllygy mynasybetli sergisine gatnaşdy we sylagly Diplomlara eýe boldy.

03 / 2016

Sergi

Sergi 2016-njy ýylyň 17-18-nji Martynda geçirilen Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriň birleşmesiniň döredilmeginiň 8 ýyllygy mynasybetli sergisine gatnaşdy we sylagly Diplomlara eýe boldy.

03 / 2020

Sergi

Sergi 2020-njy ýylyň 17-18-nji Martynda geçirilen Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriň birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli sergisine gatnaşdy we sylagly Diplomlara eýe boldy.

03 / 2021

Sergi

Sergi 2021-njy ýylyň 17-18-nji Martynda geçirilen Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriň birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli sergisine gatnaşdy we sylagly Diplomlara eýe boldy.

01 / 2021

Işgärler

Biziň kärhanamyzyň işgärleri arrasaçylyk barada barlagdan geçirilip doly we talaba laýyk ýagdaýda işe göýberilýär. Işgärlerimiz agzybirlikde zähmet çekip birnäçe görnüşli konditer önümlerini öndürýärler.

Sylaglarymyz we Diplomlarymyz:

16
15
14
13
12
11
10
9
8
7
6
5
4
3
2
1

Galleraýa

2 1 None 27 25 24 20 15 13 8 7 5 3